oýnawaç

oýnawaç
[oýnawa:ç]
1) Çagalar oýnamak üçin ýasalan zat--gurjak.
∙ Oýnawaçlar mekdepde diňe baýlaryň çagalary üçin bolup, halkyň çagalary hemme zatdan mahrumdylar. («Pinoer» žurnaly)
2) Göçme manyda Başga birini erki boýunça hereket edýän adam..
3) Göçme manyda Owadan görnüşli, gelşikli.
∙ Oba hem şäher indi oýnawaç ýalydy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.
Meselem oýnawaç - oýnawajy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»